Sepleriň elýeterliligi

Şri-Lankada güýçli ýagyşlar betbagtçylyk döredýär


Şri-Lanka häkimiýetleri Badulla etrabynda gum süýşmesi netijesinde azyndan ýedi adamyň heläk bolandygyny habar berdi.Ölenleriň arasynda iki çaga-da bar.

Güýçli ýagyşlar suw joşmasyna sebäp boldy. Şonuň bilen bagly ýurtda 750 müň adam başga ýerlere göçürildi.

Ýerli ilata kömek bermek işine bir ýarym müň harby gullukçy gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG