Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Germaniýa Owganystanyň 17 million dollar bergisini geçdi


Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle Owganystana uzak wagtlyk goldaw beriljekdigini Kabula öňünden planlaşdyrylmadyk sapary wagty aýtdy.

Saparyň dowamynda Owganystanyň Germaniýa 17 million dollar bergisiniň geçilýändigi barasynda şertnama-da gol çekildi.

Owganystanda halkara güýçleriniň düzümindäki nemes harby güýçleriniň bu ýurtda bolmaly wagtyny uzaltmak baradaky karary german hökümeti şu hepde kabul eder.

Owganystanda 4,600 nemes harby gullukçysy bar.
XS
SM
MD
LG