Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton myhmanhanany ýykany üçin Ysraýyly tankytlady


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Gündogar Ierusalimde täze ýewreý obasyny gurmak maksady bilen myhmanhananyň jaýyny ýykany üçin Ysraýyly tankytlady.

Klintonyň sözlerine görä, Ysraýyl bu hereketleri bilen Ýakyn Gündogarda ýaraşyk üçin edilýän tagallalary puja çykarýar.

Ýekşenbe güni Ysraýylyň häkimiýetleri Gündogar Ierusalimde geçen asyryň 30-njy ýyllarynda gurlan myhmanhanany ýykdylar.

Palestinliler Gündogar Ierusalimi garaşsyz Palestina döwletiniň geljekki paýtagty hasap edýärler.
XS
SM
MD
LG