Sepleriň elýeterliligi

Sudanyň iki aýry döwlete bölünmegi mümkin


Günorta Sudanda geçirilen referenduma gatnaşyk görlüp-eşidilmedik derejede ýokary boldy diýip, saýlaw komissiýasy habar berýär.

Ses berişlik bir hepde dowam eder. Saýlawçylaryň azyndan 60 prosenti ses berişlige gatnaşsa, referendum başa bardy diýlip hasap ediler.

Referendumyň netijesi pozitiw bolar diýlip garaşylýar. Onuň netijesinde Sudan iki döwlete bölüner.

Ýurduň günorta regionynyň lideri Salwa Kiir bu ses berişligi taryhy pursat diýip atlandyrdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Günorta Sudanyň halkyna täze afrika döwletine kömek bermäge taýýardygyny bildirdi.

Sudanyň demirgazyk musulman bölegi bilen, esasan hristianlardan ybarat günorta böleginiň arasynda ýaragly konflikti bes etmek barada 2005-nji ýylda gelnen ýaraşyk ylalaşygynda referendum geçirmek göz öňünde tutulypdy.
XS
SM
MD
LG