Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: könelen enjamlar hatardan çykýar


Gyrgyzystanda elektrik energiýasy boýunça krizis ýok.

Gyrgyzystanda elektrik energiýasy boýunça krizis ýok.

Geçen hepdäniň şenbe güni Bişkegiň golaýynda ýerleşýän Lenin obasyndaky stansiýada bolan uly awariýa zerarly bütin Bişkek şäheriniň ýaşaýjylary iki sagada golaý elektrik energiýasyz galdylar. Spesialistleriň sözlerine görä, bu awariýa stansiýadaky tehniki enjamlaryň 40-50 ýyldan bäri çalşyrylmandygy sebäp bolupdyr.

Awariýa barada energetika ministriniň orunbasary Aftandil Halmametow şeýle diýýär: “8-nji ýanwar güni agşam sagat 18.30-larda Bişkek şäheriniň ýaşaýjylarynyň azyndan 80%-i elektrik energiýasyz galdy. Elektrik energiýasynyň kesilen wagty ýyladyş sistemasyndaky buglar çykanda dörän ses adamlarda howsala döretdi”.

Ýaşaýjylary gorkuzdy

Bişkegin Moskwa köçesinde ýaşaýan Wenera atly zenan şeýle gürrün berdi: “Şol gün sagat 18.30-larda togy öçürdiler. Şol bada ýyladyş sitemasy we, umuman agyz suwumyz, kesildi. Biz köçä çykdyk. Köçe garaňkydy. Köçede adam kändi. Men olardan «ýene-de partlama başlandy. Aýylganç ses eşidildi. Harby operasiýa başlandy. Kimidir ele salypdyrlar» diýen ýaly gürrüňleri eşitdim. Hiç hili resmi maglumat bolmansoň, biz şol gürrüňlere ynandyk. Sagat 21.30-larda elektrik energiýasyny berdiler”. Ol özleriniň bolan waka barasynda 9-njy ýanwar güni irden döwlet telewideniýesinden anyk maglumatlary eşidendiklerini aýtdy.

Bişkegiň ýene-de bir ýaşaýjysy Amanbek hem bişkekli ýaşaýjylaryň resmi maglumat berilýänçä howsala düşendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Gyrgyzystandaky soňky wakalar adamlaryň howsala düşmegine sebäp bolupdyr: «Biz togumyz öçen wagty awariýa boldy diýip, pikir etdik. Emma adamlaryň köpüsi muny başgaça kabul edipdirler. Olar ýene-de ýörite partlama başlandy diýip, pikir edipdirler. Esasan-da uly söwda merkezlerinde işgärler gorkup, harytlaryny goramak çäresini görüp başlapdyrlar. Emma biraz wagt geçip, düşündiriş işleri alnyp barlandan soň, adamlar rahatlandylar».

Partlama nämedi?

Bişkek şäherinde elektrik energiýasynyň öçmeginiň sebäplerini energetika ministriniň orunbasary Aftandil Halmametow şeýle düşündirdi: «Sagat 18.30 töweregi Bişkegiň golaýyndaky Lenin obasynda «Glawnoe» atly stansiýada uly kondensator partlady. Ol Gazagystanyň energosistemasyna goşulan liniýa. Şol sebäpli beýleki liniýalarda hem deňagramlylyk üýtgäp, ýyladyş we şäheri agyz suwy bilen üpjün edýän merkezler toksuz galdy. Şäherde tok öçen wagty güýçli bir ses eşidildi. Muny käbir adamlar nobatdaky partlama diýip, kabul etdiler”.

Aftondil Halmametow dörän güýçli sesiň sebäbini şeýle düşündirdi: “Şol mahal adamlary gorkuzan zat ýyladyş sistemasyndaky buglar çykanda dörän ses. Şol sesi eşiden şäherliler ýene-de partlama boldy diýip, pikir eden bolmaly”. Ol stansiýadaky tehniki enjamlaryň mundan 40-50 ýyl öň oturdylandygyny we henize çenli çalşyrylmandygyny boýun alýar.

Soňky maglumatlara görä, şäheri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin “Togtagul suw howdanynda” suw ýeterlik. Gyrgyzystanda elektrik energiýasy boýunça krizis ýok.
XS
SM
MD
LG