Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň gazet-žurnallarynda tankydy ýa-da problemalaýyn mesele goýujy materillar, okyjylaryň hatlary, arza-şikaýatlary çap edilmeýär. Hakykatyň hatyrasyna aýtsak, bu ugurda diňe hukuk goraýjy edaralaryň neşiri hasaplanýan “Adalat” gazetiniň redaksiýasynyň azda-kände iş alyp barýandygyny bellemek gerek.

“Adalat” gazetiniň redaksiýasyna gowşan hatlar häkimliklere, prokuratura organlaryna, polisiýa we şuňa meňzeş döwlet edaralaryna iberilip, olardan alnan jogaplara “Hatlara göz aýlap” diýen hemişelik rubrikada gysgaça syn berilýär. Hakykatyna seretseň, bu rubrikanyň ady “Jogaplara göz aýlap” bolmaly. Sebäbi onda hatlaryň özüne däl-de, olara alnan jogaplara syn berilýär.

Gazetiň žurnalistleri okyjylaryň hatlaryny derňemeýärler. Diňe alnan jogaplary çap etmek bilen çäklenýärler. Şonuň üçin-de gazetde çap edilen jogaplaryň ters netije berýän wagtlary bolýar. Mysal üçin, balkanly Jeren Gurbannazarowa diýen bir gelin öz ýolbaşçysynyň gulluk borjuna girmeýän işi üstüne ýükleýänliginden arz edip, redaksiýa ýüzlenipdir. Redaksiýa onuň hatyny Balkan welaýat prokuraturasyna derňewe iberýär hem-de jogap alýar. Jogapda şikaýatçynyň mamladygy, emma etrap prokuraturasy oňa kanun bozmalaryny düzetmek tabşyrygyny berensoňam, arzaçynyň ýolbaşçysynyň öz etmişini ýene-de gaýtalandygy nygtalýar.

Şonuň üçin-de kanun bozulmalaryny gyssagly düzetmek hem-de şol ýolbaşçyny düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek barada onuň ýokarsynda durýan müdirlige teklipnama berýär.

Göräýmäge, adalat dabaralanjak ýaly, ýöne, gynansak-da, kanunlary bozýan ýolbaşçy welaýat prokuraturasynyň haty gazetde çap edilenden soňra, hatyň awtoryny, ýagny arz edeni işden çykarýar. Şeýlelikde redaksiýanyň çykyşy ters netije berýär. Redaksiýa bolsa şunuň bilen öz işini “tamamladym” edýär.

“Adalat” gazetiniň ýerlere derňewe iberýän hatlary arza-şikaýatlary ýerinde çözülmedik ownuk-uşak haýyşlardan ybarat. Olar esasan goňşularyň arasyndaky ýer dawasy, işe ýerleşmek, mellek, kärende ýerini alyp bermek, pasport almak, ýaşaýan ýeriňe ýazylmak we ş.m. arzalardyr.

Şeýle meseleleriň ýerinde çözülmeýändigine garamazdan, gazetiň “Ynsan mertebesi ähli zatdan ileri tutulýan döwletimizde, raýatlaryň ykbalyna sähelçe-de biparh garalmaýar” diýip ýazmagy geň galdyrýar.

Elbetde, gazet bu sözleriň deregine ýerlerde raýatlaryň iň ýönekeýje hukuklarynyň-da bozulýan, olara hormat goýulmaýan faktlaryny, býurokartizmi tankytlasa, olaryň aradan aýrylmagy ugrunda tutanýerli göreşse, çykyşlary täsirli hem netijeli bolardy. Şonda “Adalat” hakykatdanam öz adyna mynasyp bolup, onuň “dünýewi, demokratik, hukuk döwletimizde her bir raýatyň hak-hukuklary kanun esasynda goralýar” diýen tekrarlamasy-da durmuş hakykatyna laýyk gelerdi.

Häzirlikçe welin, türkmen gazet-žurnallary, şol sanda hukuk goraýjy edaralaryň neşiri bolan “Adalat” hem graždanlaryň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragynda durmaýar. Öz çykyşlarynyň netijeliliginiň, täsirliliginiň aladasyny etmeýär.
Olar hökümetiň propaganda serişdesi bolup galýarlar.

Aşyrguly Baýryýew aşgabatly žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG