Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Yzdan üçünji


Türkmenistanyň yzyndan Çad we Demirgazyk Koreýa döwletleri sanawyň soňuny jemleýär.

Türkmenistanyň yzyndan Çad we Demirgazyk Koreýa döwletleri sanawyň soňuny jemleýär.

Ýakynda Britaniýada çykýan abraýly “The Economist” žurnalynyň “Ykdysady maglumatlar” bölümi ýakynda dünýä ýurtlarynyň 2010-njy ýyldaky demokratiýa boýunça ýagdaýy baradaky görkezijilerini çap etdi. Ekspertleriň we şol döwletleriň jemgyýetçiliginiň gatnaşmagynda düzülen bu sanaw 167 sany ýurdy öz içine alýar. Berilýän maglumatda sanawa giren döwletleriň içerki demokratik durumynyň bäş görnüşi häsiýetlendirilýär. Bu görnüşlere şu aşakdaky görkezijiler goşulypdyr:

1. Saýlaw prosesi we plýuralizm (aç-açanlyk).
2. Hökümetiň işi hakynda.
3. Syýasata gatnaşmak.
4. Syýasy medeniýet.
5. Graždan azatlygy.


Şu ýylky çap edilen maglumatlar sanawynda “The Economist” žurnaly dürli döwletlerdäki hereket edýän häkimiýetleri dört topara bölüpdir:

1. Doly demokratiýaly.
2. Ýetmezçilikli demokratiýa.
3. Garyşykly düzgün.
4. Awtoritar režim.


Sanawda ilkinji orunda doly demokratiýaly ýurt hökmünde Norwegiýa döwleti görkezilipdir. Demokratik ýurtlaryň ilkinji onlugyna bolsa: Islandiýa, Daniýa, Şwesiýa, Täze Zelandiýa, Awstraliýa, Finlýandiýa, Şweýsariýa, Kanada, we Niderlandiýa ýaly döwletler girizilipdir.

Görkezilen sanawa “doly demokratiýaly” topara dünýäniň 12% ilatynyň ýaşaýan 26 döwleti girizilipdir. Maglumaty düzüjileriň pikirine görä, dünýäniň ýarpysy demokratik düzgünli ýurtlar bolsa-da, olaryň köpüsi, has takygy 53-si, “ýetmezçilikli demokratiýa” düzgüninde ýaşaýan ýurtlar. Galan 88 ýurduň 33 sanysy “garyşykly düzgünde” (demokratik we awtoritar düzgünleriň garyşan) we 55 sany döwletde bolsa awtoritar režimde ýaşalýandygy aýdylýar.

Getirilen maglumatlara görä, dünýä ilatynyň üçden bir bölegi (2,5 mlrd. golaý) awtoritar dolandyryş düzgüninde ýaşaýar we olaryň hem esasy bölegi Hytaý Halk Respublikasynyň paýyna düşýär.

Wadalar wadalygyna galdy

Öňki SSSR-e girýän döwletler bu görkezijide şeýle tertipde berlipdir. Estoniýa (33), Litwa (41), Latwiýa (48), Moldowa (64), Ukraina (67), “ýetmezçilikli demokratiýa” düzgünine girýän bolsa, Gruziýa (103), Russiýa Federasiýasy (107), Ermenistan (109), “garyşykly düzgüne” girizilipdir. Merkezi Aziýa döwletleri bilen bilelikde Belarus (130), Gazagystan (132), Azerbaýjan (135), Tajigistan (149), Özbegistan (164), Türkmenistan adaty görkezijilerde berlişi ýaly yzdan üçünji bolup (165) “awtoritar režimli” döwletleriň arasynda ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň yzyndan Çad we Demirgazyk Koreýa döwletleri sanawyň soňuny jemleýär.

Türkmenistanly synçy Döwlet Hojamedow bu görkeziji barada şeýle diýýär: “Žurnalyň sanawyna ser salaňda, esasanam Türkmenistan hakynda getirilen maglumatlaryň hakykatdygyna doly ynanýarsyň. Çünki geçen ýyl Türkmenistanyň yza, Nyýazowyň guran ýapyk režimine tarap ädim ädendigine göz ýetirýärsiň”.

2010-njy ýylyň fewral aýynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “syýasy partiýalar” barada kanun kabul etjekdigi hakynda halkyň öňünde çykyş eden hem bolsa, bu wada şol durşuna galdy, halka metbugat we syýasy azatlyklar berilmedi.

“Türkmen hökümeti “Telekeçiler arkalaşygyna” bir gazet çykardyp, söz azatlygyny berdim hasap etdi. Internet ulgamlary häzirki güne çenli doly elýeterli däl we tehnologiki taýdan köp yza galýar. Ýurtda syýasy jemgyýetçilik guramalaryndan başga, hat-da döredijilik guramalaryna hem işlemäge ýol berilmedi. Hususy eýeçilige hem doly ýol açylmady. Şu görkezijiler hem Türkmenistany yzda süýrenýän döwletleriň hataryna goşdy” diýip, Döwlet Hojamedow aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG