Sepleriň elýeterliligi

Taseerini öldüren ýekelikde hereket etdim diýýär


Pakistanyň polisiýasynyň berýän maglumatlaryna görä, Penjap welaýatynyň häkimi Salman Taseerini öldüren adam özüniň ýekelikde hereket edendigini aýdypdyr.

Duşenbe güni geçirilen sud diňlenişiginde Malik Mumtaz Hussain Kadri Salman Taseerini diniň hatyrasy üçin öldürendigini aýtdy.

Salman Taseeri dine dil ýetirmezlik baradaky kanuna üýtgeşmeleri girizmek teklibini öňe sürüpdi.

Pakistanyň dini toparlary Mumtaz Kadrini öwýärler. Şeýle-de olar Salman Taseeriniň ölüminiň dine şek ýetirmezlikleri üçin beýlekilere-de sapak bolmalydygyny duýdurýarlar.

Ýekşenbe güni Pakistanyň Karaçi şäherinde dine dil ýetirmezlik kanunyna üýtgeşmeleriň girizilmegine garşy 50,000 töweregi adam protest geçirdi.
XS
SM
MD
LG