Sepleriň elýeterliligi

“Prezident obasy”


 Täze binalaryň ilkinjisi - derwezeden geçip, oba giren ýeriňde Babarap oba geňeşliginiň dolandyryş edarasynyň täze binasy.

Täze binalaryň ilkinjisi - derwezeden geçip, oba giren ýeriňde Babarap oba geňeşliginiň dolandyryş edarasynyň täze binasy.

4 ýyl mundan ozal Babarap obasy paýtagt Aşgabadyň eteginde ýerleşýän beýleki obalardan o diýen tapawutlanmaýardy. Häzir bu obanyň ýaşaýjylary öz obalaryna “Prezident obasy” diýip, buýsanç bilen aýdýarlar.

Obanyň başlanýan ýerinde, gara ýoluň ugrunda ekilen arçalar hem bag ekmek çärelerinde ekilýän adaty arçalardan tapawutlanýar. Bu arçanyň adyny anyklap bolmasa-da, onuň ABŞ-dan getirilendigini hem-de her düýp nahalyň bahasynyň takmynan 100 dollardygyny bu obanyň käbir ýaşaýjylary aýdýarlar. Bu arçanyň beýleki arçalardan hil we baha taýdan tapawutly bolmagyny obanyň “Prezident obasydygy” bilen düşündirýärler.

Oba giren ýeriňde uly derwezäniň çür depesinde bir eli ýaýly, beýleki elinde okly Oguzhanyň hem-de onuň alty sany ogullarynyň heýkelleri bu obanyň myhmanlaryny garşylaýar. Bu heýkel adaty Oguzhanyň heýkellerinden has haýbatly görünýär. Ýadygärlikler toplumyny özünde jemleýän bu derweze prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň doglan gününe gabatlanyp açylypdy.

Oba derwezesinden gaýra tarapa adaty türkmen obalaryna mahsus bolmadyk ýokary hilli Babarap köçesi başlanýar. Bu köçäniň ugrunda şu ýylyň 5-nji ýanwarynda bäş sany täze binanyň açylyş dabaralary bolup geçdi.

Täze binalaryň ilkinjisi - derwezeden geçip, oba giren ýeriňdäki Babarap oba geňeşliginiň dolandyryş edarasynyň täze binasy. Mermer bilen örtülen bu bina Aşgabat şäherindäki gurulýan binalara çalym edýär.

Dolandyryş binasynyň gapdalyndaky täze gurlan Medeniýet öýünde foto we saz studiýalary hem-de giň tans otagy ýerleşdirilipdir. Şeýle-de bu binanyň birinji gatynda 250 tomaşaça niýetlenen kinozal hem bar. Medeniýet öýüniň ikinji gatynda internet kafe hem-de kitaphana ýerleşipdir.



Medeniýet öýüniň arkasynda 2 ýyl mundan ozal gurlan umumy bilim berýän orta mekdebiň ýanyndaky 160 orunlyk täze çagalar bagynyň binasy hem geçen hepde ulanmaga berildi. Çagalaryň 8 sany topary ýerleşýän bu çagalar bagynda kompýuter otagy, basseýin we sport zaly bar. Açylyş dabarsyna gabatlanyp, Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan bu çagalar bagyna awtobus hem sowgat berildi.

Täze açylan saglyk merkezi bir smenada 30 sany näsagy kabul etmäge niýetlenen. Saglyk merkezinde tiz kömek stansiýasy hem bar. Bu merkeze baryp gören babaraply Aýmyradyň aýtmagyna görä, täze saglyk merkezi Aşgabadyň poliklinikalaryndan hem gowy abzallaşdyrylypdyr. “Täze gurlan saglyk merkezimiz diňe bir babaraplylary däl, eýse onuň töweregindäki obalara hem hyzmat edip biljek”diýip, ol sözüne goşdy.

Iki gatdan ybarat Söwda merkeziniň täze binasy bu kiçi oba üçin uly ýaly bolup görünýär. Umuman, soňky iki ýylyň dowamynda gurlan mermer binalar bu obanyň köne ýaşaýyş jaýlarynyň fonunda olary has-da köne görkezýär. Munuň şeýledigini ýerli häkimiýetler hem aňan bolmaly. Şol sebäpden, obanyň ýaşaýyş jaýlarynyň käbirleriniň köçä tarap bakyp duran taraplary abatlanypdyr, olaryň üçekleri ýaşyl reňk bilen boýalypdyr. Käbirleri bolsa ýaşyl reňkli üçek bilen çalşyrylypdyr. Bu işler kimiň hasabyna amala aşyrylýar diýlip soralanda, Aýmyrat hökümetiň özüniň çalşyp berýändigini aýtdy.

Aýmyradyň aýtmagyna görä, ilkibaşda ýaşaýyş jaýlarynyň üçekleri reňk bilen boýalýan eken. Özi hem esasan uly ýoluň hem-de Babarabyň esasy köçesi bolan Babarap köçesiniň ugrundaky jaýlaryň üçekleri reňklenýän eken. Soň bolsa üçekler reňklenmän, olar çalşyrylyp başlanypdyr.

“Häzirem ýaşaýyş jaýlaryň üçekleriniň ählisi ýaşyl reňkde däl. Bu işi göz üçin edýärler. Esasan Babarap köçesi bezelýär. Bu köçede obamyzda ýeke-täk bir swetofor hem goýdular. Yzgantda hem şeýle ýagdaý. Sebäbi, biziň obamyz hem-de Yzgant prezidentiň obalary” diýip, Aýmyrat aýtdy.

Türkmenistanyp habar beriş serişdelerinde Babarapda gurlan täze binalaryň Türkmenistanyň prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli maksatnamasyna laýyklykda “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserininiň buýurmagynda we gurdurmagynda bina edilendigi habar berilýär.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG