Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň we Fransiýanyň prezidentleri gepleşik geçirdi


ABŞ-nyň prezidenti Waşingtonda Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi bilen duşuşdy we global çöküşden çykandan soň dörän maliýe problemalaryna garşy durmak üçin iki ýurda-da bilelikde işlemegiň gerekdigini aýtdy.

“Biz indi boljak "Uly sekizligiň" we "G-20" toparynyň sammitleriniň gün tertibini maslahatlaşdyk. Fransiýa hem, ABŞ hem, beýleki döwletlerem, ykdysadyýetiň aýak üstüne galyş prosesi dowam edýänem bolsa, islenýän görkezijilere heniz ýetmedi” diýip, Barak Obama aýtdy.

Sarkozi dünýä walýutalarynyň arasynda deňagramlylygyň ýokdugyna ünsi çekdi. Ol, hususan-da, dünýä maliýesiniň häzirki derejede ätiýaçlyk walýuta hökmünde amerikan dollaryna arka diremeli däldigini belledi.
XS
SM
MD
LG