Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wise-prezidenti duýdurmazdan Owganystana geldi


ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden öňünden yglan etmezden Owganystana geldi.

Baýdeniň owgan ýolbaşçylary, şol sanda prezident Hamyt Karzaý bilen geçirjek gepleşikleriniň esasy temalarynyň biri ýurduň howpsuzlygyna kontrollygy ýerli goşuna we kanun goraýjy gurluşlara geçirmek prosesine taýýarlyk bolar.

Jo Baýden amerikan harbylarynyň, Owganystandaky NATO güýçleriniň komanduýuşisi general Deýwid Petreus we ABŞ-nyň Kabuldaky ilçisi Karl Eýkenberri bilen hem duşuşar.

Wise-prezident hökmünde Baýden mundan öň Owganystanda 2009-njy ýylyň ýanwarynda bolupdy.
XS
SM
MD
LG