Sepleriň elýeterliligi

Germaniýada derýalaryň suwy ýokary galýar


Howanyň maýlamagy we garlaryň eremegi netijesinde Germaniýanyň köp derýalarynyň suwy adatdan daşary ýagdaýda ýokary galdy.

Has çylşyrymly ýagdaý ýurduň günbataryndaky Koblensede emele geldi. Bu ýerde Mozel derýasy Reýne guýýar.

Şäher etraplarynyň ençemesini we Koblensiň golaýyndaky obalary suw basdy. Köln, Bonn şäherlerine-de suw basma howpy abanýar.

Germaniýanyň günortasynda we merkezi böleginde iki adamyň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG