Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada öldürilen gyrgyzyň jesedi watanyna getirildi


Orsýetiň paýtagtynda taksiçilik edýän Çingiz Supataýewiň jesediniň onuň maşynyndan 4-nji ýanwarda tapylandygyny Gyrgyzystanyň Moskwadaky ilçihanasynyň ýuristi Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna aýtdy.

Ol şeýle-de Moskwada we Orsýetiň beýleki şäherlerinde öldürilen gyrgyz raýatlarynyň işiniň derňewi barada informasiýa sorap, Gyrgyzystanyň ilçihanasynyň Orsýetiň baş prokuraturasyna resmi hat ýollandygyny habar berdi.

Diňe geçen ýylyň özünde Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş, Batken welaýatlaryna Orsýetden 50 gyrgyz graždanynyň jesedi getirildi.
XS
SM
MD
LG