Sepleriň elýeterliligi

Horwat aktiwisti Serbiýa tarapyndan saklandy


Horwat hökümetiniň başlygy Ýadranka Kosor Horwatiýanyň garaşsyzlygy ugrundaky urşa gatnaşyjylaryň biriniň ýakynda tussag edilmegi bilen bagly serb häkimiýetlerinden düşündirişe garaşýandygyny habar berdi.

Tomislaw Purdam Serbiýanyň prokuraturasynyň orderi esasynda 5-nji ýanwarda Horwatiýanyň Bosnýa-Hersogowina bilen serhedinde saklandy. Serbiýa ony Wukowara etrabynda 1991-nji ýyldaky uruş hereketleri wagty etnik serbleriň garşysyna jenaýat etmekede aýyplaýar.

Ýadranka Kosor bu ýagdaýy Serbiýanyň prezidenti Boris Tadiç bilen duşuşugynda maslahatlmaşmakçydygyny aýtdy.

Bu işiň iki ýurt arasyndaky gatnaşyklara ýaramaz täsir ýetirmeginden howatyr edilýär.
XS
SM
MD
LG