Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus oppozisioneriniň gyzy ýewropa paýtagtlaryna barýar


Belarusda prezidentlige öňki kandidat Wladimir Neklýaýewiň gyzy resmi Minsk tarapyndan repressiýalara sezewar edilýän oppozisionerlere goldaw üçin Ýewropa paýtagtlaryna ugrady.

Ewa Neklýaýewa eýýäm Litwada, Polşada resmi adamlar bilen, şeýle-de Çehiýada ministrler bilen duşuşandygyny Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ol şu gün Berlinde duşuşyk geçirer, şondan soň Brýussele ugrar.

Ýewroparlament Belarusdaky ýagdaýy maslahatlaşmak üçin adatdan daşary sessiýany 12-nji ýanwara belledi.
XS
SM
MD
LG