Sepleriň elýeterliligi

Londonyň sudy Julian Assanjyň meselesine sereder


“WikiLeaks” internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj şu gün Londonyň sudunyň öňünde durmaly. Ony Şwesiýa bermek meselesine serediler.

Şwesiýa Assanjy jynsy gatnaşyklar bilen bagly jenaýatda aýyplaýar.

Londonda saklanan Assanj girew goýup, 16-njy dekabrda azatlyga çykypdy.

Awstraliýaly 39 ýaşly Assanjyň we onuň egindeşleriniň pikiriçe, ol ençeme amerikan edaralarynyň gizlin dokumentlerini saýtynda ýerleşdireni üçin yzarlanýar.
XS
SM
MD
LG