Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: 1-nji synp okuwçylaryna mugt kompýuter berler


10-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň giňeldilen hökümet maslahatynda geçen ýylyň jemlerine seredildi, geljek ýyl üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlendi.

Hökümet maslahaty barada Türkmenistanyň DIM-niň press-relizinde prezidentiň geljek ýyl üçin 10 möhüm mesele goýandygy bellenýär. Olaryň birinjisi ýurdy ösdürmegiň täze ýollaryny tapmak, ikinjisi aktiw daşary syýasaty alyp barmak.

Agzalýan meseleleriň arasynda medeniýet we bilim pudaklarynda reformalary dowam etdirmegem bar.

“Şu kontekstde döwlet baştutany Türkmenistanyň Tehnoparkynyň gurluşygyna girişmäge we orta mekdepleriň birinji synp okuwçylaryny okuw kitaplary bilen bir hatarda personal kompýuterler bilen mugt üpjün etmäge görkezme berdi” diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň press-relizinde bellenýär.
XS
SM
MD
LG