Sepleriň elýeterliligi

Çaknyşyk boýunça hasabat taýýarlandy


Ýurduň günortasyndaky özbek jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň şol wakalaryň döremegine sebäp bolandygy hem nygtalýar.

Ýurduň günortasyndaky özbek jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň şol wakalaryň döremegine sebäp bolandygy hem nygtalýar.

Geçen ýyl Gyrgyzystanyň günortasynda bolan entiki çaknyşyklary derňemek üçin ýörite milli komissiýa döredilipdi. Bu çaknyşyklar sebäpli 400 töweregi adam öldi.

Komissiýanyň taýýarlan hasabatynda bu wakalara wagtlaýyn hökümetiň jogapkärdigi aýdylýar. Şeýle-de bu hasabatda öňki hökümetiň ençeme ýokary derejeli resmileriniň atlary tutulýar. Bu resmileriň käbirleri häzirki hökümetde hem işlemegini dowam edýärler.

Hasabatda bu bidüzgünçilikleri öjükdiren adamlaryň hem atlary getirildi. Mundan başga-da şol döwürde goňşy Özbegistanyň görkezen sabyr-takatlylygyna minnetdarlyk bildirildi.

Komissiýanyň başlygy Abdygany Erkibaýew sişenbe güni bu hasabaty köpçülige aýan etdi: “Aňtaw gulluklary, hususan-da güýç ulanyjy organlar, bu döreýän wakalary öňünden görmegi başarmadylar, şeýle-de bularyň öňüni almak üçin çäreleri geçirmediler. Emma olar munuň hötdesinden gelip bilmediler”.

Soňra ol sözüni şeýle dowam etdirdi: “Esasanam Milli Howpsuzlyk gullugy, Içeri işler ministrligi we Baş prokuratura şol wakalar boýunça jogapkärçilik çekýär. Milli komissiýanyň pikiriçe, bu edaralaryň ýolbaşçylary öz wezipesinden gelip çykýan borçlaryny ýerine ýetirip bilmediler. Şol sebäpli olar munuň bilen baglylykda jogapkärçilige çekilmelidirler”.

Häzirki resmilerem agzalýar

Hasabatda bellenilmegine görä, bu wakalar boýunça jogapkärçilik çekýänleriň arasynda öňki premýer-ministriň orunbasary Azymbek Beknazarow, günorta region boýunça hökümetiň ýörite wekili Ismail Isakow, Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Keneşbek Duşebaýew, baş prokuror Baýtemir Ibraýew we içeri işler ministri Bolot Şerniýazow dagylar hem bar.

Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Keneşbek Duşebaýew we premýer-ministriň orunbasary Beknazarow henizem öňki wezipelerinde galýarlar. Ismail Isakow “Sosial-Demokratlar” partiýasyndan parlamentde wekilçilik edýär. Şeýle-de ol parlamentiň Goranmak komitetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirýär.

Hasabatda munuň bilen baglylykda degişli çäreleri geçirmek üçin Gyrgyzystanyň prezidentine, parlamentine we hökümtine çagyryş edilýär. Bu hasabatda heläkçilikli çaknyşyklara gyrgyzlar ýa-da özbekler tarapyndan prowokasiýa edilmändigi aýdylýar. Ýöne, muňa garamazdan, ýurduň günortasyndaky özbek jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň şol wakalaryň döremegine sebäp bolandygy hem nygtalýar.

Komissiýa geçen ýylyň 10-14-nji iýuny aralygynda ýüzlerçe müň özbek bosgunlarynyň serhetden geçjek bolanda, käbir özbek toparlarynyň Gyrgyzystana goşun sürmegi talap edip, Daşkende basyş etmegine garamazdan, goňşy Özbegistanyň görkezen sabyr-takadyna uly baha berdi. Komissiýanyň bellemegine görä, Özbegistanyň bu wakalara gatyşman, çetde durmagy ýagdaýlaryň has ula ýazmagynyň öňüni almaga kömek edipdir.
XS
SM
MD
LG