Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gökdepe: unudylan jeň


1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda 11 sagat 20 minutda partlan bombanyň sarsgyny Gökdepe galasyny syndyrýar. Gala kürsäp giren polkownik Kuropatkiniň Şirwan we Apşeron polklary uly diýmän, kiçi diýmän, öňlerinden çykan türkmenleri palaç ýatyran ýaly edýärler. Az salymyň içinde tüssä we tozana gark bolan galada diňe naçarlaryň ahy-nalasy eşidilýärdi.

Gökdepe tragediýasy, onuň taryhy, küti-küti kitaplar bolup galsa-da, garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygyny belleýän ýylymyzda biz onuň hakyky sahypalaryny öz halkymyza, galyberse-de dünýä jemgyýetçiligine aýan etmän gelýäris.

Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda Gökdepe wakalaryna üns berlip başlanan hem bolsa, soňra Saparmyrat Nyýazowyň görkezmesi bilen ol üns merkezinden düşürildi. Gökdepe hakynda gazet-žurnallarda çykan makalalardyr ylmy çykyşlar ýuwaş-ýuwaşdan unudyldy. Russiýa imperiýasynyň Türkmenistany özüne bakna etmek ugrunda alyp baran syýasaty okuwçylara we talyplara doly düşündirilmän galdyryldy.

Her ýyl 12-nji ýanwar gelende, biz uly il bolup ony ýatlap geçýäris. Ir sagat 10.00-da türkmen hökümeti prezidentiň ýolbaşçylygynda Gökdepe metjidine baryp, wepat bolanlary ýatlap, aýat-töwir edýär. Yzyndan teatr artistleriniň gatnaşmagynda şol wakalary suratlandyrýan sahna parçalary görekezilýär. Telewideniýe we radio uzyn gün gaýgyly dutaryň owazyny eşitdirýär. Gökdepe galasynda 1990-njy ýyllarda açylan muzeýiň eksponatlary sazyň gapdaly bilen görkezilýär. Hudožnik Aman Amangeldiniň döreden işleri, serkededir serdarlaryň keşpleri şol tragiki wakalaryň bolanlygyny ýene bir gezek ýatladýar.

Şeýdip, her ýyl diýen ýaly şu formada Gökdepe nalasy ýatlanyp geçilýär. Türkmen halkynyň we onuň döwletiniň durmuşynda Gökdepe wakalary gaty uly orun tutmaly. Bu wakalaryň düýp sebäpleri taryhy taýdan öwrenilmeli, oňa häzirki günde uly mümkinçilikler bar. Şol döwürler türkmenlerde merkezleşdirilen döwlet bolmasa-da, şol wakalary teswirleýän çeşmeleri, dürli ýurtlaryň kitaphanadyr arhiwlerinden tapyp bolýar.

Gökdepe galasynyň 1881-nji ýylda basylyp alynmagynyň şanyna döredilen medal
Ilki bilen Gökdepe ýörişine gatnaşan rus harbylarynyň, polkownik Grodekowyň “Türkmenistandaky uruş”, polkownik Kuropatkiniň “Türkmenistanyň basylyp alynmagy”, Aleksandr Maýeriň “Ahalteke ekspedisiýasy hakynda oçerkler 1880-1881”, Terenteýewiň “Russiýa we Angliýa Merkezi Aziýada”, knýaz Şahowskoýyň “Gökdepe söweşi hakynda ýatlama”, Fýodorowyň “Ahalteke ekspedisiýasy”, Tugan-Mürze Baranowskiniň “Ruslar Ahal-Tekede”, Aleksandr Şerbagyň “General Skobelewiň Ahal-Teke ekspedisiýasy” atly ýatlama kitaplaryny we Londonyň döwlet arhiwindäki, Daşary işler ministrliginiň “Gökdepe wakalary we türkmen ülkesiniň basylyp alynmagy” hakynda taýýarlan maglumatlar hasabatyny hem-de Tähranyň kitaphanasynda saklanylýan dokumentlerdir maglumatlary, Stambulyň, Ankaranyň kitaphanalaryndaky “Gökdepe jeňi” baradaky hökümet hasabatlaryny türkmen okyjylaryna ýetirmeli.

“Gökdepe urşy we türkmen ülkesiniň basylyp alynmagy” hakynda halkara konferensiýalaryny gurnamaly. Oňa daşary ýurt alymlaryny hem çagyrmaly. Bu tragediýa biziň neslimiziň ýüreginden öçmez ýaly paýtagtymyzda Gökdepe gyrgynçylygynda wepat bolanlara ýadygärlik kompleksini döretmeli. Ol hem iň mukaddes ýadygärlik hasap edilmeli.

Türkmen halkyna Gökdepäniň basylyp alynmagynyň esasy sebäplerini açyp görkezmeli. Häzirki gün şol sebäpler şu günki Türkmenistanyň başynda-da bar. XIX asyrdaky imperiýalaryň geosyýasy bähbitleri XXI asyrda hem öz wajyplygyny ýitirenok. Eger-de şol döwürler çarwa türkmenler imperiýalaryň arasyndaky täsir paýlanşygyna düşen bolsa, bu günler ýerasty baýlyklara baý Türkmenistan bitaraplyk ýelkeni bilen ummanyň ortalarynda gaýyp ýör. Ony haýsy-da bolsa bir kenara çekmekçi bolýan güýçler tapylar. Şonuň üçin, taryhyňdan sapak alyp, häzirki gün dünýä jemgyýetçiliginden daşlaşman, eýse oňa tarap ymtylmaly. Biziň ýolumyz dünýädäki milletleriň köpçüliginiňki ýaly aýdyň ýol bolmaly.

Döwlet Hojamedow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG