Sepleriň elýeterliligi

Belarusyň oppozisiýasy Ýewropa Bileleşigine çagyryş etdi


Belarus oppozisiýasynyň liderleriniň biri Aleksandr Milinkewiç ýakynda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň oppozisiýanyň aksiýalaryny gazaply basyp ýatyrmaga jogapkär belarus resmileri üçin ÝB ýurtlaryna barmaga ýene-de gadaganlyk girizmäge ÝB-ni çagyrdy.

Milinkewiç Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şeýle diýdi: “Şol sanksiýalaryň kanuny bozan režime zarba bolmagy örän möhüm. Şol bir wagtda-da Ýewropa ýönekeý adamlar üçin açylmaly”.

Milinkewiç çarşenbe güni Brýusselde Ýewroparlamentiň Belarusda bolan soňky wakalara bagyşlanan ýörite sessiýasyna gatnaşar.

Belarus häkimiýetleri 19-20-nji dekabr günleri Minskide köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamakda 30-dan gowrak adamy, şol sanda prezidentlige öňki dört kandidaty aýypylaýar.

Ýüzlerçe adam administratiw tussaglyga sezewar edilipdi.
XS
SM
MD
LG