Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň paýtagty Moskwada gyrgyzystanlylar saklandy


Moskwa şäheriniň günorta-günbatarynda 30 töweregi daşary ýurtly işçi rugsat berilmedik miting geçirmäge synanyşan wagty saklandy. Bu barasynda Moskwa polisiýasyna salgylanmak bilen “Interfaks” habar berýär.

Esasan, Gyrgyzystanyň graždanlaryndan ybarat işçiler paýtagtyň Çerýomuşki etrabynda saklanyp, ýerli polisiýa bölümine getirildi.

Saklananlar täze ýyl baýramçylygy günleri Federal migrasiýa gullugy we polisiýa tarapyndan özleriniň dokumentleriniň köpçülikleýin barlanmagyna protest bildirmek islediler.
XS
SM
MD
LG