Sepleriň elýeterliligi

Awstraliýada agyr suw joşmasy dowam edýär


Awstraliýada suw joşmasy sebäpli ýurduň üçünji uly şäheri- Brisbeniň müňlerçe ýaşaýjysy başga ýere geçirildi.

Ýerli häkimiýetleriň maglumatyna görä, 20 müňden gowrak öýüň suw basýan zolakda galmagy mümkin, olarda 45 müň töweregi adam ýaşaýar.

Kwinslend ştatynyň administratiw merkezi Brisbende 90 adam at-dereksiz ýiten hasaplanýar.

Awstraliýanyň premýer-ministri Juliýa Gillard bu şähere gelip gördi we ýagdaýdan hem onuň getirjek netijelerinden juda howatyr edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG