Sepleriň elýeterliligi

Prezident Obama Arizonada ýas çäresine gatnaşar


Çarşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama hedäniň şenbe güni ýaragly hüjümde heläk bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan Arizona ştatyndaky ýas çäresine gatnaşar.

Şol hüjümde alty adam heläk boldy, Kongresiň agzasy Gabriel Giffordsy goşmak bilen 13 adam ýaralandy.

Lukmanlar 40 ýaşly Giffordsyň öňküleri ýaly ýagdaýynyň agyrdygyny, ýöne özbaşdak dem alyp bilýändigini habar berdi.

Bu hüjümi amala aşyranlykda güman edilýän 22 ýaşly Jered Li Lafner tussag astynda, oňa adam öldürmekde we öldürmäge synanyşykda günä bildirildi.

Jered Li Lafneriň hossarlary heläk bolanlaryň maşgalalaryna öz gynançlaryny bildirdiler.

Aýyplanýanyň hossarlarynyň beýannamasynda ogullaryny şeýle agyr jenaýata iteren sebäpler barasynda hiç zat bilmeýändikleri, “bu aýylganç işiň” öňüni alyp bilmändikleri üçin gynanýandyklary bellenipdir.
XS
SM
MD
LG