Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti amerikan generalyny kabul etdi


11-nji ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekilçilikli delegasiýasyna ýolbaşçy bolup Aşgabada gelen ABŞ-nyň Merkezi Komandowaniýesiniň baş serkerdesi general Jeýms Mattisi kabul etdi.

Berdimuhammedow ikitaraplaýyn türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň we ABŞ bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Duşuşygyň gidişinde hyzmatdaşlygyň perspektiwalary, hususan-da ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň aktual meseleleri, neşe gaçakçylygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga we terrorizme garşy durmak ýaly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň prezidenti we ABŞ-nyň Merkezi Komandowaniýesiniň baş serkerdesi netijeli özara gatnaşyklary we däp bolup gelýän döwletara dialogy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar diýip, TDH gullugy habar berýär.
XS
SM
MD
LG