Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Hatyra güni bellendi


Adat boýunça, galanyň içine giräýen ýeriňde 100-den gowrak gazan atarylyp, tüwi, ýarma bişirildi.
Adat boýunça, galanyň içine giräýen ýeriňde 100-den gowrak gazan atarylyp, tüwi, ýarma bişirildi.

Türkmenistanda Hatyra güni bellendi. 1881-nji ýylda Gökdepe söweşinde gurban bolanlaryň hatyrasyna sadakalar berildi, olaryň ruhlaryna aýat edildi.

Ir bilen Gökdepe galasynyň içi dürli ýaşdaky adamlardan doldy. Olaryň arasynda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylary agdyklyk etse-de, Aşgabatdan, Gökdepäniň golaýyndaky obalardan gelen zyýaratçylar-da az däldi. Howanyň sowukdygyna garamazdan, adamlar 130 ýyl mundan ozal Gökdepe galasynda gurban bolanlaryň hatyrasyny tutup, olaryň ruhlaryna bagyş edip, aýat-töwir okamaga gelipdirler.

Zyýaratçylaryň çagalary bilen gelenleri-de az däl. Gökdepäniň golaýyndaky Ýandakly agyz obasynyň ýaşaýjysy 38 ýaşly Ahmet öz ogly bilen zyýarata gelipdir. Ol: “Men eýýäm 1990-njy ýyldan bäri her ýyl bu zyýaraty edýärin. Indi, öz oglumy hem getirip, watan üçin wepat bolan öz ata-babalarymyza hormat goýmagy öwredýärin” diýip, gürrüň berdi.

Adat boýunça, galanyň içine giräýen ýeriňde 100-den gowrak gazan atarylyp, tüwi, ýarma bişirildi. Her kim gazanyň golaýyna baryp, nahar guýduryp, uzyn bassyrmanyň aşagynda halyň üstünde ýazylan saçagyň başynda nahar iýýärdiler. Aýat okap, töwir galdyryp gidýärdiler.

Fotosýužet: Hatyra gününden pursatlar:



Geçen ýyldaky ýaly bu ýyl galadaky metjidiň hem-de zyýaratçylaryň oturýan bassyrmasynyň aralarynda gök reňkli uzyn brezent bilen örtülen haýat dikilmändir. Ýöne, muňa garamazdan, zyýaratçylar metjide hem-de galanyň muzeýine baryp bilmediler. Gala girilýän ýerde birki sany adam kimiň galanyň metjit tarapyna, kimiň bassyrma tarapyna barmalydygyny düzgünleşdirýärdi. Aýat-töwirden soň metjide we muzeýe baryp görjekler az däldi. Emma galanyň metjit tarapyna diňe hökümet ýolbaşçylary hem-de dürli derejedäki resmiler geçip bilýärdi...

Gökdepe galasynda hatyra gününe bagyşlanyp, resmi çäreleriň geçirilýändigi sebäpli Aşgabatdan Gökdepä barýan ýollar prezident gelip-gidýänçä beklenildi. Aşgabatdan Gökdepä barýan ýoluň gyrasynda her kilometrde birden-ikiden papakly adamlar goýlupdyr. Ýoluň her bir çatrygynda Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň inspektorlary durup, ýoly bekleýärdiler. Gökdepäniň golaýyndaky obalarda hem papakly adamlar bilen döwlet ýol gözegçilik gullugynyň inspektorlary gözegçilik edýärdiler.

Hususy maşynlarynda zyýarata barýanlaryň yzyna gaýtarylan halaty hem bar. Olara Gökdepä gatnaýan awtobusdyr-mikroawtobuslarada zyýarata barmak maslahat berlipdir. Aşgabatly 48 ýaşly Baýram şol sebäpden yzyna dolanyp gaýdypdyr. “Şu ýyl dostlarym bilen Gökdepe galasyna baryp, zyýarat etjekdim welin, Babarapdan geçemsoň, Ýol gözegçilik gullugynyň inspektory yzyma ugratdy. ‘Ýogsam, zyýaratdan soň ýollarda dyknyşyk emele gelýär’ diýip, ol munuň sebäbini düşündirdi” diýip, Baýram gürrüň berdi.

Galanyň ileri tarapynda esasy resmi çäreler geçirilensoň, galanyň ol tarapy aýratyn gözegçilikde bolýar. Şol sebäpden zyýaratçylaryň käbirleri galanyň gaýra tarapyna barýardylar. Geçen ýyl adamlar bu tarapdan galanyň üzümçiligine çenli goýberilýärdi. Bu ýyl bolsa galanyň gaýra tarapy hem doly beklenipdir. Goýlan ýörite adamlar o tarapdan hiç kimi gala goýbermediler.

Zyýarata gelen adamlaryň hereketlerini-de ýörite gulluklaryň hem-de howpsuzlygy üpjün etmeli başga gulluklaryň işgärleri düzgünleşdirýärdiler. Adamlaryň haçan, nirä gitmelidigini nirede durmalydygyny şolar kesgitleýärdi. Bu ýagdaý tä prezident bu çäreden gaýdýança dowam etdi. Şondan soň adamlar özlerini has erkin duýup başladylar. Hatda howpsuzlygy üpjün etmeli gulluklaryň işgärleri-de adamlara has mylakatly ýüzlenip başladylar. Zyýarata gatnaşanlar bolsa awtobuslara tarap ýöneldiler.

Hatyra güni aşgabatlylar şäheriň öwülýälerine baryp, öz merhumlarynyň guburlaryna hem zyýarat etdiler. Hatyra gününiň öň ýanynda öwülýäleriň käbirinde ýowarlar hem geçirildi.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG