Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Desgalar açylýar, ýöne olar taýyn däl


Ýazgulyýew: "Binalaryň açylyş dabarasynyň bolmagy onuň asla taýynlygyny aňlatmaýar".

Ýazgulyýew: "Binalaryň açylyş dabarasynyň bolmagy onuň asla taýynlygyny aňlatmaýar".

Ýurdumyzda gurluşyklaryň uly gerim bilen alnyp barylýandygyny hiç kim inkär edip bilmez. Şol gurluşyklaryň birnäçesi her baýramçylyga gabatlanyp, dabara bilen açylýar. Açylýan binalaryň, desgalaryň hemmesiniň bolmasa-da, döwlet derejesinde derwaýys hasaplanýan obýektleriň açylyşyna prezidentiň gatnaşmagam kada owrüldi.

Gurluşyklaryň açylyş dabaralary


Açylyş dabaralarynyň taýynlygy, binalaryň, desgalaryň tabşyrylmazyndan, iň bolmanda 15-20 gün öň başlanýar. Açyljak obýekt haýsy pudagyňky bolsa, şol pudaga degişli edara-kärhanalaryň işgärleri açylyş dabarasyny geçirmek üçin taýynlyk görüp başlaýarlar. Dabarany geçirmegiň taýynlygy açyljak binanyň ýerleşýän ýeriniň häkimliginiň üsti bilen amala aşyrylýar. Medeniýete, bilime degişli binalar açylsa ýa-da dabara prezident gatnaşsa, hökman mekdep okuwçylary, bilim işgärleri şo taýyk getirilýär.

Soňky döwürde medisina obýektleriniň köp açylýanlygy üçin lukmanlaram yzygiderli açylyş dabarasyna gatnaşmaga mejbur bolýarlar. Açylyş dabarasyna gatnaşmaly ulularam, mekdep okuwçylaram, hatda çagalaram azyndan 15-20 gün taýynlyk üçin repetisiýa geçmeli. Şol repetisiýada her bir adamyň, çaganyň açylyşda näme diýmelidigi, nähili hereket etmelidigi, nirede durmalydygy anyk kesgitlenýär. Kesgitlenen düzgünden çykmaga hiç kimiň haky ýok.

Repetisiýa geçýänler köplenç, bolmanda soňky bir hepde, işden, okuwdan hem boşadylýarlar. Açylyş dabarasynyň boljak güni daňdan 4-5-de oýden çykyp, tä dabara tamamlanýança dik aýak üstünde durmaly. Açylyşda çagalar açlykdan surnugsa, ulular uzak wagtlap aýak ýoluna gidip bolmaýanlygyndan zeýrenýärler. Ýurtdaky binalaryň hemmesiniň açylyş dabaralary edil bir almany iki bölen ýaly meňzeş. Olaryň hemmesi şowhunly köpçülik çäresi.

Taýynlygyny aňlatmaýar

Binalaryň açylyş dabarasynyň bolmagy onuň asla taýynlygyny aňlatmaýar. Hatda prezidentiň açyp beren binalarynyňam doly taýyn edilmändigini faktlar tassyklaýar. Mysal üçin, döwlet baştutanynyň gatnaşmagynda 2009-njy ýylyň noýabrynda açylan täze Arçman şypahanasynyň diňe iki aýdan soň doly taýyn bolup, ýarawsyzlary kabul edip başlandygyny şypahanada şol wagt dynç alan adamlaryň birnäçesi tassyklaýar.

Ýene bir mysal... Geçen ýylyň noýabrynda birbada 90 köprüniň yglan edilen açylyş dabarasyndan iki aýa golaý wagt geçenem bolsa, şol köprüleriň birnäçesinde işleriň alnyp barylýandygyny köpri gurluşygynda işleýän Gurbangeldem, ýolagçylaryň birnäçesi hem biragyzdan tassykladylar. Ýurduň dürli künjeginde, welaýatlarda açylyş dabarasy geçirilen çagalar bagynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki dürli desgalaryň diňe daşky görnüşiniň taýyn edilip, binalaryň içki, abadançylyk işleriniň birki aýa, kahalatda ondanam köpe çekýändigini hiç kimden gizlär ýaly bolmady, çünki açylyş dabarasyndan soň, şol yerde işlemeli adamlar binalaryň içki hem abadançylyk işlerini edýärler.

Çagalaram düşünýär

Dabara bilen açylýan binalaryň doly taýyn däldigine çagalaryňam düşünýändigini Ruhabat etrabynyň çagalar bagynyň açylyş dabarasynda çagalar bilen taýýarlyk geçen Merdan mugallym tassyklady. Merdan mugallymyň aýtmagyna görä, Maral diýen alty ýaşlyja gyza “Gyzym, ýat tutan goşgularyňy unudaýmagyn, gowy çykyş etseň, dabaradan soň şu çagalar bagyna aldyrarys“ diýende, ol gyzjagazyň özüne “Mollum, entek bu çagalar bagynyň işi köp eken. Meniň daýzam şu çagalar bagyna işe giripdir. Daýzama ertirden başlap, sübseli-pilli işe gel diýipdirler “ diýip, aýdandygyny haýran galmak bilen bize gürrüň berdi.

Diňe daşky görnüş üçin dabaraly açylyşy geçirilýän binalaryň tamamlanman, içki abadançylyk işleriniň soňa goýulýandygyny çagalaryňam synçy nazaryndan sypmandyr. Şol sebäpli ýasama şowhuna beslenýän açylyş dabaralaryndan el çekilip, binalar, desgalar doly taýyn bolandan soň, onuň hiline baha berip biljek hünärmenler tarapyndan kabul edilip alynsa, ähli ýasamalyklar ortadan aýrylardy, şeýle hem ýasama dabaralary gurnamak geregem bolmazdy.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG