Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Pakistana bardy


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden Pakistana bardy. Ol Waşington bilen Pakistanyň yslam ekstremizmine garşy alyp barýan bilelikdäki göreşi barada gepleşikler geçirer.

Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari bilen gepleşiklerinde Jo Baýdeniň ýurduň demirgazygyndaky Taliban we Al-Kaýda söweşijilerine garşy harby operasiýalary ýaýbaňlandyrmagy üçin Yslamabada basyş etmegine garaşylýar.

Jo Baýden Birleşen Ştatlaryň we Pakistanyň hyzmatdaşlygy barada çarşenbe güni Pakistanyň premýer-ministri Yusuf Raza Gilani bilen geçiren metbugat konferensiýasynda şeýle diýdi: "Meniň pikirimçe, diňe biziň ýolbaşçylarymyzyň özara düşünişmeginden başga-da, biziň halklarymyzyň hem birek-birege dogry düşünmegi möhümdir”.

Sişenbe güni Jo Baýden Kabulda eden çykyşynda Amerikanyň esgerleri Owganystandan çykarylyp başlanandan soň ýurtdaky gozgalaňçylaryň kontrol edilmegi üçin Pakistanyň kömeginiň möhümdigini nygtapdy.
XS
SM
MD
LG