Sepleriň elýeterliligi

Liwanyň Hizbullah topary hökümete haýbat atdy


Liwanyň Hizbullah topary ýurduň häkimiýetini agdarjakdygyny aýdyp, haýbat atýar.

Bu ýagdaý Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda ýurduň öňki premýer-ministri Rafik Haririniň ölümi bilen bagly geçiriljek derňewler bilen baglylykda döredi.

2005-nji ýylda Rafik Haririniň öldürilmeginde Hizbullahyň eliniň bolandygy gümän edilýär.

Siriýa we Eýran tarapyndan goldanylýan Hizbullah topary bu aýyplamalary iňkär edýär. Olaryň aýtmagyna görä, “bu derňewler Amerikanyň we Ysraýylyň bilelikdäki dildüwşigi”.
XS
SM
MD
LG