Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan öz topraklarynyň bir bölegini Hytaýa berýär


Täjigistan öz topraklarynyň bir bölegini Hytaýa bermäge razylyk berdi. Bu topraklar ugrunda eýýäm bir asyrdan gowrak wagt bäri dawa gidýärdi.

Çarşenbe güni täjik parlamenti Pamir daglary sebitiniň 1,000 kw.kilometr meýdanyny Hytaýa bermek meselesi boýunça ses berişlik geçirip, bu karary tassyklady. Hytaýa beriljek bu ýerde näçe adamyň ýaşaýandygy barada entek maglumat berilmedi.

Täjigistanyň oppozisiýa lideri Mukhiddin Kabiri bu kararyň Konstitusiýa ters gelýändigini we täjik diplomatiýasynyň ýeňilendigini öňe sürdi.

Emma, Täjigistanyň daşary işler ministri Khamrokon Zarifiniň aýtmagyna görä, muňa täjik diplomatiýasynyň ýeňşi hökmünde garamaly. Sebäbi Hytaý ilki başda 28,000 kw.kilometr ýeriň berilmegini sorapdyr.
XS
SM
MD
LG