Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda eýýäm 5 million adam referendumy goldaýar


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň prezidentlik möhletini uzaltmak boýunça milli referendumy geçirmek teklibi bilen döredilen inisiatiwa toparyny gurnaýjylaryň aýtmagyna görä, olaryň öňe sürýän teklibini goldap, eýýäm ýurduň 5 milliondan gowrak ilaty gol goýupdyr.

Bu inisatiwa topary 2012-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlaryny geçirmän, Nazarbaýewiň prezidentlik möhletini 2020-nji ýyla çenli uzaltmak teklibini öňe sürýär.

Prezident Nazarbaýew bu baradaky teklibi 6-njy ýanwarda ret edipdi. Emma, muňa garamazdan, ýurduň parlamentiniň bäşden dört bölegi bu teklibi goldasa, onda prezidentiň närazylygyna garamazdan referendum geçirler. Parlamentiň indiki mejlisi 14-nji ýanwarda bolmaly.

Birleşen Ştatlar Gazagystanda prezidentiň iş möhletiniň uzaldylmagy baradaky planlary “demokratiýa boýunça yza gaýdyşlyk” diýip ýazgardy.
XS
SM
MD
LG