Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Polşa uçar heläkçiligi boýunça hasabat berdi


Çarşenbe güni Orsýet aprel aýyndaky uçar heläkçiligi bilen bagly geçirilen derňewler boýunça hasabatyň soňky nusgasyny Polşa gowşurdy. Bu uçar heläkçiliginde Polşanyň öňki prezidenti Leh Kaçinski hem ölüpdi.

Bu hasabatda uçaryň içindäki ýokary derejeli resmileriň ekipažyň agzalaryna basyş edendigi aýdylýar.

Munuň bilen bagly derňew geçiren Moskwada ýerleşýän Döwletara awiasiýa komitetiniň başlygy Tatýana Anodinanyň aýtmagyna görä, uçaryň içindäki ýokary derejeli resmileriň ekipažyň agzalaryna pshiki basyş etmegi netijesinde uçar başga aeroportda gonmandyr.

"Ekipažyň komandiri uçary gondurmagyň howpludygyna düşünýärdi, başga bir tarapdan-da uçaryň barmaly ýerinde gondurylmagy üçin güýçli sebäp bardy. Tehniki komissiýanyň we garaşsyz ekspertleriň maglumatlaryna görä, eger-de uçar ätiýaçdaky aeroportda gondurylan bolsa, onda ekipažyň komandiri uçaryň esasy ýolagçysyndan negatiw seslenmäniň gelmegine garaşyp bilerdi” diýip, Tatýana Anodina aýtdy.

2010-njy ýylyň 10-njy aprelinde Orsýetiň Smolensk şäheriniň golaýynda bolan bu uçar heläkçiliginde prezident Kaçinskiý bilen uçaryň içindäki beýleki 95 adam ölüpdi.

Golaýda Polşanyň premýer-ministri Donald Task şol heläkçilik bilen bagly geçirilen derňewleriň soňky görüşini “kabul ederliksiz we ýalňyş kän” diýip atlandyrypdy.
XS
SM
MD
LG