Sepleriň elýeterliligi

Amerikan prezidenti Arizonadaky keselhana bardy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama amerikan Kongresiniň agzasy Gabriel Giffordsyň ýatan keselhanasyna baryp gördi, ol Tuson şäherinde ýerleşýär.

Giffords hepdäniň şenbe güni saýlawçylary bilen duşuşyk geçirýän wagty kellesinden agyr ýaralanypdy.

Barak Obama we amerikan ýolbaşçylygynyň beýleki agzalary Tuson şäherinde geçirilen ýas dabaralaryna gatnaşdy.

Lukmanlar Giffordsyň sagalmagynyň geljegi bilen bagly optimizm bildirýärler, ýöne onuň doly sagaljagy näbelli bolup galýar.

Amerikan Kongresiniň agzalary kärdeşleri Gabriel Giffordsa edilen hüjümi ýazgarýan rezolýusiýany biragyzdan makulladylar.
XS
SM
MD
LG