Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Parlamenti Belarusdaky ýagdaýa seretdi


Çarşenbe güni Brýusselde Ýewroparlamentiň daşary işler boýunça komitetiniň Belarusdaky ýagdaýa bagyşlanan ýörite maslahaty geçirildi.

Maslahata adam hukuklary boýunça kiçi komitetiň agzalary, Belarus bilen gatnaşyklar boýunça Ýewroparlamentiň delegasiýasy, “Gündogar Ýewropa partnýorlygy” Parlament assambleýasynyň delegasiýasy gatnaşdy.

Ýewroparlamentiň başlygy Ýeži Buzek we ÝB-niň beýleki ýokary derejeli wekilleri prezident saýlawlarynyň resmi netijelerine garşy oppozisiýanyň aksiýalaryna gatnaşanlardan tussag edilenleri eglenmezden boşatmaga ýene-de bir gezek belarus häkimiýetlerini çagyrdylar.

Buzek prezident saýlawlarynyň gidişinde köp sanly düzgün bozmalar we protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagy bilen bagly resmi Minsk bilen gatnaşyklarda ÝB-niň pozisiýasyna gaýtadan seretmegiň zerurdygyny belledi.

Çarşenbe güni Germaniýanyň kansleri Angela Merkel ÝB-niň prezident Aleksandr Lukoşenko we belarus ýolbaşçylygynyň beýleki wekilleri bilen bagly wiza sanksiýasy meselesine seretmelidigini nygtady.

Belarus häkimiýetleri oppozisiýa liderlerine we aktiwistlere 19-njy dekabrda Minskide bidüzgünçilikleri gurnamakda günä bildirdi.

Häzir 31 adam tussaglykda otyr. “Amnesty International” guramasy olaryň 16-ny wyždan ýesirleri diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG