Sepleriň elýeterliligi

“Hizbullah” tarapdary 11 ministr Liwan hökümetini terk edýär


“Hizbullah” radikal şaýy toparyna we onuň syýasy ýaranlaryna wekilçilik edýän 11 ministr Liwan hökümetini terk edýär. Netijede, ýakynda döredilen Liwanyň koalision hökümeti dargady.

11 ministriň iş başyndan çekilmegi Saad Haririniň hökümetiniň ýykylmagyna sebäp boldy. “Hizbullahyň” wekilleri eýýäm prezident Mişel Süleýmanyny täze hökümet bellemäge çagyrdylar.

Häzirki premýeriň kakasy, Liwanyň öňki premýer-ministri Rafik Haririniň 2005-nji ýylda öldürilmegi boýunça geçirilen derňewler Liwanda syýasy krizise alyp geldi.

Şol adam öldürmä “Hizbullah” toparynyň agzalarynyň gatnaşygy bar diýen habarlar peýda boldy. Toparyň agzalary bu habary inkär edip, BMG-niň komissiýasynyň derňewleriniň netijelerini resmi ret etmäge premýer-ministri çagyrdylar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama çarşenbe güni Saad Hariri bilen duşuşygynda “Hizbullah” gorkusyny we Liwan hökümetiniň işine päsgel bermek islegini görkezýär diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Filip Krowli bolsa şeýle diýdi: “Bolan waka gynanýarys we alada bildirýäris. Munuň Liwandaky durnuklylygy we progresi puja çykarmaga synanyşykdygy açyk görnüp dur”.
XS
SM
MD
LG