Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Assanj: "Hytaý Internetde gazaply senzura ulanýar"


Hytaý Internetde informasiýalary almak üçin “iň agressiw hem galp” tehnologiýalary ulanýar diýip, “WikiLeaks” Internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj aýtdy.

Ol Britaniýanyň "New Statesman" žurnalyna beren interwýusynda beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende Hytaýyň Internetde has gazaply senzura ulanýandygyny belledi.

“WikiLeaks”-i esaslandyryjynyň pikiriçe, hytaý häkimiýetleri ýurduň içinde Internetden peýdalanýan her bir adam bilen Hytaýyň daşyndaky her bir maglumat çeşmesiniň arasynda dur.
XS
SM
MD
LG