Sepleriň elýeterliligi

Tunis şäherinde komendant sagady girizildi


Tunisiň paýtagty Tunis şäherinde köpçülikleýin tolgunyşyklar sebäpli komendant sagady girizildi.

Çarşenbe güni paýtagtyň merkezinde polisiýa demonstrasiýany göz ýaşardyjy gaz ulanmak bilen dargatdy. Beýleki şäherlerde bolan çaknyşyklarda bärsinden üç adam heläk boldy.

Soňky günleriň bidüzgünçiliklerinde ölenleriň sany, resmi maglumata görä, 26 adama ýetipdir. Adam hukuklaryny goraýjylar bu sanyň ellidigini aýdýarlar.

Işsizligiň birden güýçlenmegi we azyk önümleriniň bahalarynyň galmagy bilen Tunisde köpçülikleýin demonstrasiýalar başlandy.

Tunisiň prezidenti Zin al-Abidin Ben Aly çarşenbe güni içeri işler ministrini wezipesinden boşatdy we tussag edilen demonstrasiýaçylaryň aglabasyny boşatmaga görkezme berdi.
XS
SM
MD
LG