Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda NATO-nyň alty harbysy heläk boldy


Çarşenbe güni Owganystanda NATO-nyň alty harby gullukçysy heläk boldy.

Ýurduň gündogaryndaky söweşde üç esger, günortada ýene bir esger öldürildi. Başga bir harby gullukçy Owgynystanyň günortasynda minanyň üstünden baryp partlady. Altynjy harby gullukçy tötänden dörän ýagdaýda heläk boldy. Olaryň haýsy ýurda degişlidigi habar berilmeýär.

Çarşenbe güni Kabulda bolan partlamada-da iki harby öldi, 20-den gowragy gowragy ýaralandy. Owgan howpsuzlyk güýçleriniň awtobusynyň golaýynda janyndan geçeniň motosikleti partlatmasynyň jogapkärçiligini talyplar öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG