Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň prezidenti Birleşen Ştatlara sapar edýär


Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili ABŞ-a saparynyň dowamynda ilkinji daşary ýurt lideri bolup, amerikan Kongresiniň Wekiller palatasynyň täze spikeri Jon Beýner bilen duşuşdy.

Beýneriň beýanatynda çarşenbe güni Saakaşwili bilen geçirilen gepleşiklerde Gürjüstandaky azatlyk we demokratiýa ýolundaky reformalaryň mundan beýläk hem dowam etdirilmeginiň zerurdygy, Tbilisiniň öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmeginiň möhümdigi barasynda gürrüň edilendigi aýdylýar.

Beýner Owganystanda we Yrakda terrorizme garşy göreşde Gürjüstanyň ABŞ-a berýän kömegi üçin Saakaşwilä minnetdarlyk bildirdi.
XS
SM
MD
LG