Sepleriň elýeterliligi

Uçar heläkçiligi: Orsýet özünde günä goýanok


Polşanyň hökümetiniň heläkçilige uçran uçaryndan galan uçuşy ýazga geçiriji gara guty.

Polşanyň hökümetiniň heläkçilige uçran uçaryndan galan uçuşy ýazga geçiriji gara guty.

Polşanyň öňki prezidenti Leh Kaçinski, onuň aýaly we başga-da 94 adam 2010-njy ýylyň aprel aýynda Orsýetiň Smolenskiý şäheriniň golaýynda uçar heläkçiliginde wepat bolupdylar.

Orsýetiň Howa gullugynyň resmileriniň geçiren derňewleri boýunça ýaýradylan hasabatda şol heläkçiliginiň sebäpleri pilotlaryň türgenleşik derejesiniň pesligi, şeýle-de olara Polşanyň Harby howa güýçleriniň ýolbaşçysynyň erbet howa şertlerinde uçary gonduryň diýip, basyş etmegi bolandygy aýdylýar.

Düýbi Moskwada ýerleşýän Döwletara Awiasiýa Komitetiniň başlygy Tatýana Anodinanyň atýmagyna görä, Polşanyň prezident administrasiýasyna degişli uçarda ençeme bidüzgünçiliklere ýol berilmegi sebäpli ol heläkçilige uçrapdyr.

Näme sebäp boldy?

T.Anodina bu hakda şeýle diýýär: "Juda wajyp uçuşy gurnamakda düýpli kemçiliklere, şol sanda ekipažy taýýarlamakda we düzmekde, uçuşa taýýarlyk görmekde, ätiýaçlyk aeroportlaryny kesgitlemekde bidüzgünçiliklere ýol berildi”.

Döwletara Awiasiýa Komitetiniň başlygy Tatýana Anodina
Orsýet tarapy Orsýetiň howa dispetçerleriniň hiç hili ýalňyşlyk goýbermändigine kepil geçýär. Şeýle-de rus dispetçerleri Polşanyň pilotlaryna ätiýaçdaky aeroportda gonmagy teklip edendiklerini we gonmak üçin soňky razylygyň berilmändigini nygtaýarlar.

Döwletara Awiasiýa Komitetiniň başlygy Anodinanyň aýtmagyna görä, uçaryň üstünde Polşanyň ýokary derejeli resmileriniň, şol sanda ýurduň harby howa güýçleriniň ýolbaşçysy general Andjeý Blasigiň bolmagy pilotlara goşmaça basyşy döredipdir.

"Polşa Respublikasynyň Harby howa güýçleriniň ýolbaşçysynyň tä uçar ýere baryp urýança pilotlaryň kabinasynda bolmagy komandiriň esassyz töwekgelçilikde gonuşy dowam etdirmegine basyş döredipdir” diýip, Anodina belläp geçdi.

“Prezident uçara howp döredipdir”

Anodinanyň aýtmagyna görä, uçaryň üstünde prezident L.Kaçinskiniň bolmagy hem ekipaža psihiki basyşy artdyrypdyr. Uçuşyň dowamynda ekipažyň bir agzasynyň “eger-de uçuşyň ugry üýtgedilse, Kaçinski gazaplanar” diýen sözi ýazga düşüpdir.

Emma heläkçiligi derňän Döwletara Awiasiýa Komitetiniň tehniki komissiýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Morozowyň aýtmagyna görä, Smolenskide gonmak üçin şol wagtky prezident Leh Kaçinskiniň özünden gönümel görkezme bolmandyr.

Kaçinski Ikinji jahan urşunda bolan Katyn heläkçiliginiň ýatlamasynyň 70 ýyllyk dabarasyna gatnaşmak üçin barýardy. Bu heläkçilikde SSSR-iň gizlin gullugy tarapyndan polşaly ofiserleriň we beýleki syýasy tussaglaryň 20,000 töweregi atylyp öldürlipdi.

Kaçinskiniň ekiz taýy we ýurduň öňki premýer-ministri Ýaroslaw Kaçinski bu hasabatda ähli günäniň polşaly pilotlaryň üstüne ýüklenmegini tankytlady. Şeýle-de ol hasabaty “Polşa garşy bir degişme” diýip atlandyrdy.

Polşanyň jogaby


Mundan başga-da öňki prezident Leh Kaçinskiniň ekiz taýy Ýaroslaw Kaçinski öz sagçy “Hukuk we Adalat” partiýasynyň Polşanyň parlamentini Orsýetiň bu derňewini ret etmäge çagyrjakdygyny sözünüň üstüne goşdy.

Uçaryň betbagtçylyga uçran ýerinde, 11-nji aprel, 2010.
"Ýaýradylan hasabatda agzalýan heläkçilige bir taraplaýyn baha berlip, hiç hili delilsiz, ilkinji nobatda polşanyň pilotlary we umuman polşanyň özi hem günäkärlenýär” diýip, ýurduň öňki premýer-ministri Ýaroslaw Kaçinski nygtady.

Ýewropa parlamentiniň Polşadan agzasy we öňki prezidentiň golaý maslahatçysy bolan Pawel Kowalyň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bellemegine görä, bu hasabat Orsýeti aklmak maksady bilen düzülipdir.

Ýewroparlamentiň agzasy P.Kowal bu hakda şeýle diýýär: "Bu hasabat ähli sebäpleri ýa-da soňraky howplary düşündirmäge gönükdirilmedi, onuň ýeke-täk maksady – her edip-hesip edip, Orsýetiň abraýyny goramaga gönükdirildi”.

Polşanyň resmileri geçen ýylyň aprel aýynda bolan şol heläkçilik bilen bagly Orsýetiň dekabr aýynda ýaýradan hasabatyny hem tankytlapdylar. Polşanyň premýeri Donald Tusk şol hasabaty “kabul ederliksiz we ýalňyşlardan doly” diýip atlandyrypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG