Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Bileleşigi Bakuwdan gaz wadasyny aldy


Ýewrokomissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso we azeri prezidenti Ilham Aliýew Ýewropa gaz akdyrmak boýunça bilelikdäki Jarnama gol çekişýärler, Baku, 13-nji ýanwar.

Ýewrokomissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso we azeri prezidenti Ilham Aliýew Ýewropa gaz akdyrmak boýunça bilelikdäki Jarnama gol çekişýärler, Baku, 13-nji ýanwar.

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso we azeri prezidenti Ilham Aliýew Ýewropa gaz akdyrmak boýunça bilelikdäki Jarnama gol goýdular.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso we Ýewropa Bileleşiginiň energiýa boýunça komissary Günter Öttinger ýewropa ýurtlary üçin tebigy gaz howpsuzlygy bilen bagly saparlaryna penşenbe güni Hazaryň günbataryndaky Azerbaýjandan başladylar.

Bakuwda geçirilen gepleşikden soň Ýewrokomissiýanyň prezidenti Žoze Manuel Barroso we Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew bilelikdäki Janama gol goýdular. Dokumente laýyklykda, geljekde Azerbaýjan Ýewropa gaz akdyrar, Ýewropa bolsa Azerbaýjana öz bazaryny açar.

Gol çekişlikden soň Barroso şeýle diýdi: “Bu örän uly waka. Bu ylalaşyk Hazaryň gazynyň Ýewropa elýeterlidigini tassyklaýar, "Günorta Koridoryň" ýola goýulmagyna şert döredýär. Bu täze ýol ýewropaly sarp edijileriň we biznesleriň energiýa howpsuzlygyny artdyrar”.

Ýewropa Komissiýasynyň energiýa komissary Günter Öttinger bolsa şeýle diýdi: “Indiki onýyllyklarda gaz importynyň artmagy bilen, bizi gaz bilen üpjün etjek täze ýurtlar gerek bolar, bu mesele boýunça beýleki hyzmatdaşlarymyzyň arasynda Azerbaýjanyň roly juda möhüm”.

“Günorta Koridor”

Gol goýlan Jarnama laýyklykda, Ýewropa we Azerbaýjan Ýewropanyň gaz bilen üpjün edilmegi üçin zerur bolan infrastrukturany bilelikde dörederler. “Günorta Koridor” birnäçe gaz geçiriji proýektini öz içine alýar. Olaryň arasyna “Nabukko”, ITGI, “Ak akym” we TAP hem girýär.

ÝB Hazaryň gazyny import etmek üçin “Nabukko” proýektini durmuşa geçirmek ugrunda alada edýär. Şol proýekt üçin Azerbaýjandan we Türkmenistandan gaz almak göz öňünde tutulýar. Ýöne bu ugurda olaryň hiç biri bilen häzire çenli ylalaşyk baglaşylmandy.

“Elbetde, biziň esasy maksadymyz Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň “Günorta Koridor”, şol sanda “Nabukko” proýekti boýunça takyk wadalaryny almak” diýip, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso Hazar regionyna saparyndan öň aýdypdy.

Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli resmileriniň Azerbaýjana sapary ýeňil bolmadyk döwre gabat geldi. Çünki Azerbaýjanyň hökümeti birnäçe aýlap Hazardaky “Şah-Deňiz 2” ýangyç ýatagyndan gaz almagy haýsy şirkete berjekdigini kesgitläp bilmän gelýär.

Germaniýanyň DPA agentliginiň ýazmagyna görä, Ýewropa Bileleşigi energiýa importynda Orsýete elgaramalykdan gutulmak üçin “Şah-Deňiz 2” ýatagyndan gaz almak isleýär. Bu ýatakdan her ýylda 15 milliard kubmetr çemesi gaz almak mümkin diýlip, habar berilýär.

Indiki duralga Türkmenistan

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barrosonyň indiki duralgasy Hazaryň gündogaryndaky Türkmenistan bolar. Ol ýerde Barroso Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen syýasy ugurlar we energiýa meseleleri boýunça gepleşik geçirer.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenıstanyň wise-premýeri Baýmyrat Hojamuhammedow Aşgabatdaky forumda çykyş edip, Türkmenistanyň Ýewropa her ýylda 40 milliard kubometr tebigy gaz eksport etmek üçin ýörite infrastrukturany taýýarlaýandygyny mälim edipdi.

“Nabukko” konsorsiumynyň başlygy Raýnhard Mitsçek bolsa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Aşgabadyň “Nabukko” bilen hyzmatdaşlyk etmek niýetine gowy baha berdi. Ol Ýewropanyň iri gaz şirketleri türkmen tarapy bilen gepleşiklere başlan bolmaly diýdi.

Barrosonyň we Öttingeriň bu saparlary “Nabukko” proýekti üçin ähmiýetli diýip, “Nabukko” konsorsiumynyň başlygy Raýnhard Mitsçek Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Çünki “Nabukko” ýaly ägirt uly proýekti amala asyrmak üçin syýasatçylaryň hem goldawy zerur”.

Emma, türkmen diplomatik çeşmesiniň “EUObserver” neşirine aýtmagyna görä, Türkmenistanyň “Nabukko” proýektine nähili goşuljakdygy barada ÝB-de “täze ideýalar” ýok wagty Bileleşigiň resmilerini Aşgabada barmagy Berdimuhamedowda sorag döredýär.

Şol bir wagtyň özünde-de Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso Türkmenistana boljak saparyndan hem “käbir oňyn ösüşlere garaşýandygyny” geçen hepde Germaniýanyň DPA habar agentligine aýtdy, emma bu barada anyk maglumat bermedi.
XS
SM
MD
LG