Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-niň täze başlygy Litwa öz ugruny mälim etdi


Penşenbe güni Litwanyň daşary işler ministri Audronius Azubalis öz ýurdunyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin başlyklygyna geçmegi bilen bagly öňde goýulýan möhüm ugurlary mälim etdi.

Azubalis esasy tagallany häzirki dawalary çözmäge ugrukdyrmaga, şeýle-de milletara howplary çözmäge we esasy azatlyklary, şol sanda metbugat we söz azatlygyny gazanmak ugrunda aýdyň çözgütleri tapmaga çagyryş etdi.

1-nji ýanwardan başlap, Litwa 56 ýurtdan ybarat ÝHHG-niň döwürleýin başlyklygyna geçdi.
XS
SM
MD
LG