Sepleriň elýeterliligi

Tunisiň prezidenti indiki saýlawlarda öz kandidaturasyny goýmakçy däl


Penşenbe güni Tunisiň ähli ýerinde protest aksiýalary dowam edýärkä, ýurduň prezidenti indiki prezident saýlawlarynda öz kandidaturasyny goýmakçy däldigini aýtdy.

23 ýyl bäri häkimiýet başynda oturan Ben Alynyň prezidentlik möhleti 2014-nji ýylda tamamlanýar.

Prezidentiň goşunlara demonstrasiýaçylara ok atmazlyk barada görkezme berendigi habar berilýär. Ol gandyň, süýdüň we çöregiň bahalarynyň aşakladylandygyny yglan etdi.

Adam hukuklaryny goraýan guramalaryň maglumatyna görä, soňky günler polisiýa we goşun bilen bolan çaknyşyklarda 60-dan gowrak adam ölüpdir.

Tunisdäki demonstrasiýalar işsizligiň soňuna çykmak talapy bilen başlanypdy.
XS
SM
MD
LG