Sepleriň elýeterliligi

ABŞ 26 kompaniýanyň garşysyna sanksiýa yglan etdi


Eýranyň harby raketa programmasy bilen baglanyşygy bardyr diýlip, Waşington tarapyndan gümän edilýän 26 kompaniýanyň garşysyna ABŞ sanksiýa yglan etdi.

ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň beýannamasyna görä, Hong Kongda we Men adasynda edarasy bolan ençeme firmanyň Eýranyň milli gämiçilik kompaniýasy we Eýranyň Goranmak ministrliginiň düzümine girýän awiasiýa we kosmik guramalary bilen gatnaşygy bar.

Girizilýän sanksiýalar agzalan kompaniýalar bilen amerikan graždanlarynyň haýsydyr bir iş alyp barmagyny gadagan etmegi, şeýle-de şol firmalaryň amerikan edaralaryndaky hasaplaryny doňdurmagy göz öňünde tutýar.

Sanksiýalar baradaky öňki kararlar ýaly, häzirki karar hem ABŞ-nyň Eýrany ýadro ýaragyny edinmäge synanyşykda güman edýändigi bilen bagly.
XS
SM
MD
LG