Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Beriljek kompýuterleriň aladasy


Döwletow: "Bahasy 360-400 amerikan dollaryna barabar netbukly birinji klas okuwçysynyň öňünden ogrudyr kezzabyň çykmajagyna kepil bolup bilmejegi öz-özünden düşnükli zat".
Döwletow: "Bahasy 360-400 amerikan dollaryna barabar netbukly birinji klas okuwçysynyň öňünden ogrudyr kezzabyň çykmajagyna kepil bolup bilmejegi öz-özünden düşnükli zat".
10-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler H.Saparlyýew bilen T.Japarowa ýurduň orta mekdepleriniň 1-nji klasynda okaýan okuwçylarynyň ählisini okuw kitaplary bilen birlikde şahsy kompýuterler bilen mugt üpjün etmek meselesini öwrenmegi tabşyrdy.

Prezidentiň mejlisde aýdan bu sözleri indiki ýyl birinji klasa gitjek çagasy bar bolan ene-atalary begendiren bolsa, ýurduň bilim işgärleriniň köpüsini oýa batyrdy.

Her bir başlangyç klas okuwçysyna berilmeli diýlen şahsy kompýuterler nähili görnüşde bolmaly? Bilim işgärleriniň çaklamalaryna görä, olar netbuk bolmagy mümkin. Sebäbi personal kompýuterleriň birinji klas okuwçylara paýlanmagynyň özi ýerliksiz boljak. Çünki çagalar, ýurt baştutanynyň geçirmek isleýän reformasyna görä, mekdepde-de, öýde-de kompýuterden peýdalanmaly.

Şu nukdaýnazardan çen tutsaň, çagalara ol ýerden bu ýere geçirmesi aňsat bolan kompýuterler berilse has ýerine düşjegi görnüp dur. Eger-de hökümet ýolbaşçylary maliýe tygşytlylygy göz öňünde tutsalar, onda çagalara laptoplar däl-de netbuklar paýlanylyp berilmegi mümkin.

Hytaýda öndürilýän «Dell», «HP» markaly netbuklar Türkmenistanda häzirki wagtda gitdigiçe meşhurlyga eýe bolýar. Bu netbuklaryň bazardaky bahasy 360-400 amerikan dollaryna barabar.

Elbetde, bilim işgärlerini birinji klas okuwçylaryna paýlanjak kompýuterleriň görnüşi alada goýmaýar. Bu ýerde gürrüň şol kompýuterleri nädip çagalara problemasyz ulandyrmakda.

Häzirki wagtda okuwçylara mekdebe mobil telefonly ýa-da gymmat bahaly bezeg şaýlaryny dakynyp gelmek düýbünden gadagan edilen. Bu gadagançylygyň sebäbi mobil telefonly ýa-da gymmat bahaly bezeg şaýly okuwçylaryň köplenç ýagdaýda neşekeşlerdir ogrularyň hüjümine sezewar bolýanlygy bilen baglydyr.

Bahasy 360-400 amerikan dollaryna barabar netbukly birinji klas okuwçysynyň öňünden ogrudyr kezzabyň çykmajagyna kepil bolup bilmejegi öz-özünden düşnükli zat. Ine, bilim işgärlerini ilkinji nobatda alada etdirýän zat şundan ybarat.

Eger çagalaryň her birine berilmeli kompýuterler mekdepde galdyrylmaly edilse, onda ol hem islenilýän netijäni bermeýär. Okuwçylar öý işlerini öýlerinde kompýutersiz etmeli boljaklar.

Bu problemalardan başga mekdep mugallymlarynyň aglaba böleginiň kompýuterlerden baş çykaryp bilmezligi hem kyn meseleleriň biri bolup durýar.

Umuman alanyňda, çagalar tehnikany tiz özleşdirýärler. Ýöne birinji klas okuwçylarynyň kompýuterlerden tiz baş çykaryp bilmegi üçin olaryň mugallymlarynyň-da kompýuter sowadynyň bolmagy wajyp.

Şonuň üçin çagalara kompýuterleri paýlap başlamazyndan ozal, ilkinji nobatda olara bilim berjek mughallymlarynyň kompýuter sowadynyň bolmagyny üpjün etmek zerur.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG