Sepleriň elýeterliligi

Tunis: işsizlik, korrupsiýa gozgalaňa getirdi


Protestçiler uniwersiteti täze gutaran ýaşlaryň işsizlikden kösenýändigi we döwlet resmileriniň korrumpirlenendigi üçin proteste çykdylar.

Protestçiler uniwersiteti täze gutaran ýaşlaryň işsizlikden kösenýändigi we döwlet resmileriniň korrumpirlenendigi üçin proteste çykdylar.

Tunisiň paýtagtynda eýýäm uzak wagtdan bäri ýurduň ýolbaşçysy bolup oturan Zine el-Abidine Ben Aliniň häkimiýetden gtimegini talap edip, müňlerçe adam protest geçirdi.

Ýurdy 23 ýyl bäri dolandyryp gelýän Ben Aliniň 2014-nji ýylda täze möhlete dalaş etmejekdigini aýdandygyna garamazdan, protestler kemelmeýär.

13-nji ýanwarda Ben Aliniň ýurtdaky protestleri gazaply basyp ýatyrmagy sebäpli oňa halk berk basyş görkezdi. Bu wakalarda onlarça adam öldi.

Azatlyk wada edildi

Protestler başlalaly bäri eýýäm telewideniýe arkaly üçünji sapar halka eden ýüzlenmesinde Ben Ali ýurtdaky ýagdaýlary öňki kadaly durkuna getirmäge çagyryş etdi. Şeýle-de ol azat media rugsat etmegi we azyk harytlarynyň bahalaryny kemeltmegi söz berdi.

"Men size düşünýärin, men siziň ähliňize – gahrymanlara, garyplara, syýasatçylara – düşünýärin. Men size has köp azatlygyň gerekdigine düşünýärin. Emma, biziň ýurdumyzdaky ýagdaýlar kabul ederliksizdir. Weýrançylyk we sütem Tunisiň halkyna ýaraşýan zatlar däldir. Tunisliler siwilizlenen we sypaýydyrlar. Bize asla jebir-sütem ýaraşmaz” diýip, Ben Ali aýtdy.

Ben Aliniň bu çykyşyndan soň, tunisliler ençeme hepdeläp dowam eden bidüzgünçiliklerden soňra, prezidentiň täze azatlyklary söz bermegine şatlanyp, köçelere çykdylar.

Uçgundandan tutaşan ot...

Azyk harytlarynyň bahalarynyň galdyrylmagy bu protestçileriň närazylyk bildiren esasy meseleleriniň biridir. Şeýle-de adamlar uniwersiteti täze gutaran ýaşlaryň işsizlikden kösenýändigi we döwlet resmileriniň korrumpirlenendigi üçin proteste çykdylar.

Geçen ýylyň dekabrynda ýurtdaky işsizligiň garşysyna protest bildirip, uniwersiteti täze tamamalan 26 ýaşly oglanyň özüni otlamagy protestleriň soňraky uly tolkunyny döretdi.

Resmi maglumatlara görä, protestlerde graždan ilatdan 23 sany adam öldi. Emma oppozisiýa wekilleriniň we hukuk goraýjy guramalaryň aýtmagyna görä, bu görkeziji aslynda has ýokarydyr.

Ýöne, prezident Ben Aliniň berýän wadalaryna garamazdan, ilat onuň häkimiýetden gitmegini talap edip, portestleri dowam etdirýär. Protestçiler öldürilenleriň hatyrasyna “Biz ýatdan çykarmarys” diýen plakatlar bilen köçä çykdylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG