Sepleriň elýeterliligi

Kabulda owgan türkmenleriniň maslahaty geçirildi


Anna güni Kabulda owgan türkmenleriniň Raýdaşlyk geňeşiniň maslahaty geçirildi.

Maslahata Owganystanyň bosgunlar boýunça ministri Jemahir Enweri, prezident Hamid Karzaýyň dini işler boýunça maslahatçysy Muhammet Jora Ahun, Owganystanyň serhetler we tire-taýpalar boýunça ministriniň maslahatçysy Gurban Hajy dagylar hem gatnaşdylar.

Duşuşykda Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň agzybirlik, ylym, biznes, halyçylyk we beýleki meseleleri barada gürrüň edildi.

Duşuşykda Raýdaşlyk geňeşiniň işini ösdürmek we oňa maliýe kömegini bermek baradaky ylalaşyga hem gol goýuldy.
XS
SM
MD
LG