Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewrokomissiýanyň prezidenti Barroso Aşgabada bardy


Anna güni giçlik Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada bardy. Bu Barrosonyň Türkmenistana edýän ilkinji resmi saparydyr.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň Aşgabada häzirki resmi sapary Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekde täze ädim bolar diýip, TDH gullugy belleýär.

Barroso Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen syýasy ugurlar we energiýa meseleleri boýunça gepleşik geçirer.

Mundan öň Ýewrokomissiýanyň prezidenti Žoze Manuel Barroso Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda bolup, bu ýurduň prezidenti bilen energiýa hyzmatdaşlygy boýunça Jarnama gol çekişipdi.

Anna güni Bakuda gurnalan metbugat konferensiýasynda Žoze Manuel Barroso şeýle diýdi: "Biz Transhazar geçirijisiniň üsti bilen ‘Günorta Koridor’ proýektine goşulmagynda Türkmenistanyň özüniň hem möhüm strategiki bähbidiniň bardygyna ynanýarys. Sebäbi bu özüniň ägirt uly gaz zapaslaryny Ýewropanyň bazarlaryna çykarmaga Türkmenistana mümkinçilik berýär”.
XS
SM
MD
LG