Sepleriň elýeterliligi

Gökdepäni diňe erkekler goramandylar


Hatyra gününde, Gökdepe, 12-nji ýanwar, 2011.

Hatyra gününde, Gökdepe, 12-nji ýanwar, 2011.

Patyşa Russiýasynyň goşunlarynyň tekeleriň Gökdepe galasyny basyp almak ugrundaky söweşine özi gatnaşyp, gözi bilen gören zatlaryny kagyz ýüzüne geçiren W.A. Tugan—Mürze—Baranowskiý özüniň «Ruslar ahaltekede» atly kitabynda şeýle bir wakany suratlandyrýar: «Dragunlaryň Ashabat (Aşgabat) ýoluna gelenine mähetdel tekeler topar-topar bolup çykyp başlady. Pereýaslawçylar olara tarap çozdy we ýene-de galanyň içine dykdy. Şondan soň atly goşun gündogar tarapy galadan çykýan toparlardan we iki-eke adamlardan saplamaga girişdi.

Şol ýerde bir waka hakda aýdyp geçmek gerek: at salyp barýan dragunlaryň wzwodyna golaýdaky salmadan üç gezek ok atyldy, soldatlaryň birnäçesi şol tarapa at saldy, ýöne esgerleriň däl-de, sapançasyna ok salyp oturan ýaş aýal maşgalanyň üstünden bardy: onuň gapdalynda ýene-de iki sapança ýatan eken. Soldatlar ýaş gelni tutdy we golaýdaky galada duran bölüme eltip tabşyrdy: ýesiri goşun başynyň ýanyna alyp barypdyrlar. Ýesir aýal hemmelere otlukly we arly nazarlaryny aýlap: «Men hiç zatdan gorkamok, eliňizden gelenini aýamaň, ýöne siz bizden gorkuň we eýmeniň, sebäbi siziň hiç biriňiz biziň ýurdumyzdan aman gitmersiňiz» diýip, buýsançly jogap beripdir.

Juwan, merdana aýalyň jogaby hemmeleri haýrana goýupdyr, şonuň bilen bir wagtda-da oýlanypdyrlar: biziň duşman baradaky pikirimiz üýtgäp başlady. Başga bir ýerde, aňyrrakda, ýabyň içinden ýene-de bir aýal tapyldy, ýaşy ötüşen, ýöne gujurlyja kempir duşundan geçýän bölümleri oka tutýan eken. Ýöne onuň kysmaty ýaman boldy. Gazaba münen soldatlar ony tutan ýerlerinde öldüripdirler».

Ine, şujagaz ýazgylardan-da görnüşi ýaly, batyr gökdepelileriň öz galalaryny goraýşy hakdaky wakalaryň her biri haýran galdyryjy. Ýurt garaşsyz bolandan soň geçen ýigrimi ýylyň içinde bu wakalaryň her biri hakda çeper hem dokumental filmler düşürip, türkmenleriň gahrymançylygy hakdaky wakalary dünýä görkezip bolardy. Ýöne haýp, baknalyk ýyllarynda Gahryman Gökdepe galasyndaky wakalary agzaman, dymyp gezmeli bolşy ýaly, Garaşsyzlygyň ýigrimi ýylynyň içinde hem bu wakalary dünýä ýaýmaga, ol hakda filmler döretmäge rugsat bermediler. Prezident Nyýazowyň alyp baran syýasaty Gökdepe wakasy hakda agzamak — orsuň göwnüne degmek diýen ideologiýany ýöretdi.

Prezident Nyýazow Gökdepede diňe öz adyny göterýän metjit gurdurdy. Şony hem Gahryman Gökdepäni hem öz galalaryny jan-tenleri bilen goran gökdepelileri hatyralamagyň aňrybaşy diýip hasap etdi. Her ýyl hem ol ýerde sadaka berlip, iýlip-içilip gaýdylýar, şunuň bilenem gahryman gökdepelileri hatyralamak tamamlanýar.

Gökdepe hakda söz açmagy adamlar ýüz ýyllap arzuwlap geldiler. Gökdepe wakalary hut Ikinji jahan urşunyň wakalarynyň ençeme ýyllar bäri edebiýatyň hem sungatyň dilinden düşmeýşi ýaly, döredijileriň baky temasyna öwrülmelidir. Gahryman Gökdepe galasy hem ony goran gökdepeliler hakda edebiýat, sungat, saz, şekillendiriş sungaty eserleriniň konkurslary yglan edilip, bu gala hem ony goraýjylara degişli çeper filmler düşürilip durulmalydyr. Ýöne, gynansak-da, ýurt garaşsyzlygyna eýe bolanymyza 20 ýyl töweregi wagt geçen-de bolsa, bu zatlara ýol açylmaýar. Bolgusyz konkurslar bilen ýazyjy-şahyrlar, sungat işgärleri güýmenilip gelýär.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG