Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň premýer-ministri Naji al-Otari Yraga bardy


Şenbe güni Siriýanyň premýer-ministri Naji al-Otari iki günlük resmi sapar bilen Yraga bardy.

Ol özüniň bu saparynyň barşynda Siriýa bilen Yragyň gatnaşyklaryny gowulandyrmaklyga gönükdirilen meseleler boýunça gepleşikler geçirer diýlip garaşylýar.

Şenbe güni Siriýanyň premýer-ministri Naji al-Otariniň Yragyň premýer-ministri Nuri al-Mäliki bilen duşuşjandygy habar berilýär.

Bir ýyldan gowrak wagtlap diplomatik gatnaşyklary kesilen Siriýa bilen Yrak geçen ýylyň 24-nji sentýabrynda öz diplomatik gatnaşyklaryny täzeden ýola goýupdylar.
XS
SM
MD
LG