Sepleriň elýeterliligi

Hindistandaky dini festiwalda 100-den gowrak adam öldi


Anna güni agşam Hindistanyň resmileri ýurduň günortasyndaky Kerala ştatynda geçirilýän dini festiwal wagtynda ýüze çykan dyknyşykda 100-den gowrak adamyň ölüp, 40-dan gowrak adamyň hem ýaralanandygyny habar berdiler.

Resmiler bu dyknyşyga dini zyýaratçylaryň barýan ugrunda ýolda ýüze çykan awtomobil awariýasy sebäpli dörän dowul sebäp bolupdyr diýlip çaklanylýandygyny aýdýarlar.

Kerala ştatynda her ýylyň şu döwründe iki aýlap geçirilýän dini festiwal wagtynda millionlarça dindarlar bu regiondaky meşhur Aýýappan ybadathanasyna zyýarata barýarlar.
XS
SM
MD
LG